Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dartgynlylyk ýokary, Gürjüstanyň parlamenti “Daşary ýurt agenti” çekişmelerini dowam etdirýär


Gürjüstanyň bölüji kanunyna garşy çykýanlar
Gürjüstanyň bölüji kanunyna garşy çykýanlar

Gürjüstanyň parlamenti, öten agşam daşary ýurt agentleri kanun taslamasyna garşy çykýan demomstrasiýaçylar bilen polisiýa güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykdan soň, 1-nji maýda howpsuzlyk hüşgärligi ýagdaýynda galdy. Köp adam bu kanun taslamasynyň rus hökümetiniň ýurtda başgaça pikirleri basyp ýatyrmak üçin ulanýan kanuny bilen meňzeşdigini aýdýar.

Deputatlar kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagy 1-nji maýda hem dowam etdirdiler we bu çärä onuň ikinji okalyşynda ses bererler.

Gürjüstanyň howpsuzlyk güýçleri 30-njy aprelde müňlerçe demonstranty dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary 1-nji maýda demonstrasiýaçylar dargadylan wagtynda 63 adamyň tussag edilendigini, kanun goraýjylaryň alty işgäriniň ýaralanandygyny aýtdy. Ýöne häzirlikçe näçe demonstrantyň ýaralanandygy belli däl.

Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Aleksandre Darahwelidze bu çaknyşykda kanun çykaryjylar Aleko Elisaşwiliniň we Lewan Habeişwiliniň ýaralanandygyny aýtdy.

Oppozisiýadaky Birleşen milli hereketiň (BMH) başlygy Habişwili hassahana alnyp gidildi. Düşürilen fotosuratlar onuň kellesinde we göwresinde gögeren, kesik ýerleriniň bardygyny görkezýär.

Lewan Habeişwili
Lewan Habeişwili

BMH onuň polisiýa tarapyndan "alnyp gaçylandygyny" aýtdy we "ýaralanan raýata kömek edýän" wagtynda tussag edilendigini öňe sürdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň habarçysy wakanyň bolan ýerinde ýüzi maskaly bir şahsyýetiň demonstrantlaryň ýüzüne urýan iki hadysasyny ýazga aldy.

Bu demonstrasiýa, soňky iki hepdäniň dowamynda, dolandyryjy “Gürji arzuwy” partiýasynyň öňe süren kanunçylygyna garşy geçirilen köpçülikleýin protestleriň iň soňkusy boldy.

Tankytçylar bu kanun taslamasyny "Rus kanuny" diýip atlandyrýarlar. Dolandyryjy partiýanyň syýasatlaryndan özüni çekeräk saklaýan prezident Salome Zurabişwili, garaşylşy ýaly, üçünji okalyşdan soň resmi taýdan kabul edilse, bu kanun taslamasyna weto goýmak wadasyny berdi.

Gürjüstanyň jemgyýetçilik goragçysy Lewan Ioseliani, social mediada hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň aşa güýç ulanmak ahtimallygyny görkezýän habarlaryň ýaýradylýandygyny aýtdy we demonstrantlary "parahatçylykly ýygnanyşmagyň çäginden daşa çykmazlyga" çagyrdy.

Ioseliani hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň haýsydyr bir güýç ýa-da ýörite serişde ulanmagynyň berk "zerurlyk we proporsionallyk synagyndan geçmelidigini" duýdurdy. Burç suwuklygynyň adamyň ýüzüne gönükdirilip ulanylmagyna ýol berilmeýär diýip, ol aýtdy we islendik görünşdäki ýörite serişde ulanyljak bolsa, öňünden duýduryş berilmelidigini hem sözüne goşdy.

Kanun çykaryjylar 30-njy aprelde mejlisi ses bermezden tamamladylar.

"Anonymous" halkara haker kollektiwi 30-njy aprelde demonstrantlary goldaýandygyny mälim etdi we Gürjüstanyň polisiýasyna "demonstrantlara hüjüm etmek siziň hökümet işgärleriňiziň ählisi baradaky maglumatlaryň ýaýramagyna sebäp bolar" diýip, duýduryş berdi.

Bu topar ozalky Twitterde, X-da ýazan ýazgysynda maglumat bazalaryny we e-poçta habarlaryny döwmek we ýaýratmak haýbatyny atdy we "bu siziň ilkinji we ýeke-täk duýduryşyňyz" diýdi.

Forum

XS
SM
MD
LG