Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Salam, Dogan! 'Söýgi, halaşmak' könelişen gep-gürrüňe öwrülýär


Azatlyklary çäklendirilýän aýal-gyzlar köplenç döwlet eýeçiligindäki metbugatyň 'wagyz bezegleri' hökmünde ulanylýar diýip, synçylar aýdýar.
Azatlyklary çäklendirilýän aýal-gyzlar köplenç döwlet eýeçiligindäki metbugatyň 'wagyz bezegleri' hökmünde ulanylýar diýip, synçylar aýdýar.

Hünärmen “Serdar Berdimuhamedow şu günki medeni, syýasy güýçlere garşy çykyp bilermi; öz ýurdunyň taryhynda döwrebaplyga garşy çykýan lider hökmünde ýatlanylarmy?” diýen soraglaryň döreýändigini, emmä özünde häzir bu soraga hiç hili jogabyň ýokdugyny aýdýar.

Azatlygyň soňky döwürde has ýakyndan yzarlaýan temalaryna, hususan-da gender deňligi, jynsy esasdaky kemsitmeler baradaky aladalaryna sebäp bolan häkimiýetler, ýerli metbugatyň habarlaryndaky gündelik şekilleriň ‘geýim-eşik’ talaplarynyň nähili ýowuz derejelere ýetirilendigini açyk görkezýändigine garamazdan, ýurtda dilden berlen buýruk esasynda girizilen dres-kod, berk eşik düzgüniniň bardygyny düýpden ret edýärler.

Ýöne dres-kod, Azatlygyň ýerli habarçylary bilen pikirini paýlaşan raýatlaryň sözlerine görä, ýurtda çuňlaşýan sosial deňsizligiň diňe bir meselesi bolup durýar.

“Saglyk” programmasyny we “Progres” fonduny esaslandyryjy Aýanabat Ýaýlymowanyň Azatlyga Nýu-Ýorkdan telefon arkaly beren gürrüňinde aýtmagyna görä, Türkmenistanda zulum-süteme sezewar bolýan aýallaryň gaçybatalga, howandarlyk gözläp ýüz tutup biljek ýeri, sosial goraglylygy örän pes ýagdaýda.

Mundan başga, habarçylarymyzyň ýazmagyna görä, goly ýuka maşgalalarda kemala gelen aýal-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, agyr ýagdaýlara alyp gelýän haksyzlyklar we kemsitmeler, ýurtdaky ýapyklyk zerarly, köplenç bilinmän galýar.

Azatlygyň täzelikde döredilen “Salam, dogan!” gepleşiginiň bu sanynda şu we beýleki ýagdaýlar barada gürrüň ediler. Eger-de diňleýjilerimiz, okyjylarymyz, Türkmenistandaky ýagdaýlary bilýän adamlar öz tejribelerini, pikirlerini paýlaşyp, bu işe öz goşantlaryny goşsalar, redaksiýanyň işgärleri olardan örän minnetdar bolardy.

Geçen gezekde bolşy ýaly, bu günki gepleşigimizde hem habarçylarymyzyň ýurt içinden iberen maglumatlaryny, Aýnabat Ýaýlymowa bilen söhbetdeşligi diňlärsiňiz. Salam dogana hoş geldiňiz, eziz diňleýjiler!

Salam, Dogan! 'Söýgi, halaşmak' könelen gepe öwrülýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:17:47 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG