Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Futbol: HTTU finalda oýnar


 Aziýa futbol konfederasiýasynyň emblemasy
Aziýa futbol konfederasiýasynyň emblemasy

Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň (HTTU) futbol topary Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFC) Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykmagy başardy.

Türkmenistanyň Futbol boýunça Ýokary ligasynyň 2013-nji ýyldaky çempiony, 26-njy sentýabrda Şri Lankanyň Kolombo şäherinde geçiriljek final duşuşykda Demirgazyk Koreýanyň “Rimýongsu” futbol topary bilen güýç synanyşar. Belläp geçsek, HTTU bu ýaryşyň toparlaýyn oýunlarynda eýýäm “Rimýongsu” bilen duşuşypdy. Şonda oýun 1-1 hasaby bilen gutarypdy.

HTTU futbol toparynyň emblemasy
HTTU futbol toparynyň emblemasy

Eýýäm 10-njy gezek geçirilýän Aziýa futbol konfederasiýasynyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky häzirki ýaryşa jemi 11 ýurduň futbol komandalary gatnaşýarlar. Iki, ýagny toparlaýyn we final tapgyrylaryndan ybarat bu ýaryşda, türkmen futbolçylary häzire çenli jemi 5 duşuşyk geçirdiler.

Netijeler

1-11-nji maý aralygyndaky toparlaýyn duşuşyklarda HTTU “B” toparyna düşüp, ol Demirgazyk Koreýanyň “Rimýongsu”, Filippinleriň “Keres” we Hytaý Taýpeýiň “Tatung” komandalary bilen bäsleşdi.

Bu tapgyryň çäginde türkmen topary “Tatungy” 2-0, “Keresi” 2-1 hasaby bilen ýeňdi. Anna güni boljak final oýnundaky garşydaşlary – demirazyk koreýalylar bilen bolsa ozal 1-1 hasaby bilen deňme-deň oýnadylar. Netijede, HTTU 7 bal bilen öz çykyş edýän toparynda ilkinji orny eýeledi.

Ýaryşyň 20-26-njy sentýabr aralygynda geçýän final tapgyrynda “A” toparyna düşen türkmenler Nepalyň “Manang Marshyangdi Club” toparyny 3-1 we Şri Lanka degişli “Şri Lankanyň harby-howa güýçleri” atly toparyny 2-1 hasaby bilen ýeňdiler.

Şol bir wagtda, final duşuşygyndan ozalky oýnalan oýunlaryň netijelerine görä, ýaryşyň iň gowy hüjümçisi hökmünde türkmen futbolçysy Süleýman Muhadow diýlip kesgitlendi. Ozalky tanymal türkmen fubolçysy Çaryýar Muhadowyň ogly – Süleýman ýaryşda häzire çenli garşydaşlarynyň derwezesinden on pökgini geçirmegi başardy.

Ýeri gelende aýtsak, HTTU topary Aziýa futbol konfederasiýasynyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşa 2010-njy ýylda hem gatnaşypdy.

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Prezidentiniň kubogy her ýyl geçirilip, ony almak ugrunda Aziýa futbol konfederasiýasynyň düzümindäki “kemala gelýän” diýlip atlandyrylýan döwletleriň ýerli toparlary bäsleşip bilýärler.

Geçen ýyl bu kubogy Türkmenistanyň “Balkan” topary aldy.

XS
SM
MD
LG