Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hazardaky ekologiýa aladalaryny bölekleýin boýun alýar


Hazar kenary
Hazar kenary

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow “Hazar deňzi - parahatçylyk we dostluk deňzi” maslahatynda eden çykyşynda Hazar deňzi bilen bagly aladalary bölekleýin boýun aldy. Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan synçylar we tebigaty goraýjy aktiwistler Türkmenistandaky daşky gurşaw meselelerine, şol sanda pagtaçylykda suwuň bisarpa ulanylmagyna, ýerleriň şorladylmagyna öňden bäri ünsi çekip gelýärler. Resmi Aşgabat bu meseleleri açyk-aýdyň tassyklamaýar.

Türkmen DIM-niň metbugat gullugynyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat barada beren habarynda aýdylmagyna görä, soňky ýyllarda deňiz derejesiniň peselmegi uly ynjalyksyzlyk döredýär.

R.Meredowyň sözlerine görä, bu Hazar deňziniň basseýninde ygalyň hem-de bugarmagyň mukdaryna täsir edýän howa hadysalary bilen baglanyşykly.

Soňky 25 ýylyň dowamynda deňiz derejesi 2 metre golaý peseldi we gözegçilik döwründe iň pes derejä ýetdi diýip, ministr aýtdy. Bu deňziň ep-esli aralyga yza çekilmegine getirýär we soňky ýyllarda şeýle üýtgeşmeler has-da bildirýär.

Şeýle-de ol kenar ýakasynyň ýüzlerçe metr yza çekilendigini, bu görkezijileriň Hazar deňziniň demirgazygynda has hem ýokarydygyny belledi.

Mundan başga, türkmen resmisiniň sözlerine görä, Wolga derýasynyň (ortaça bu görkeziji 20 sm) akymynyň azalmagy we deňiz suwunyň öý hojalygy üçin gözegçiliksiz ulanylmagy hem mesele bolup durýar.

Habarda tassyklanylmagyna görä, Hazar deňzine takmynan 130 derýanyň suwy goşulýar we bu derýalaryň akymynyň kadalaşmagy hem deňiz derejesine täsir edip biler.

Deňiz derejesiniň üýtgemegi biodürlüligi üýtgedýär we deňiz süýdemdirijileriniň, guşlaryň we balyklaryň köpçülikleýin azalmagyna getirýär. Şu sebäpden, suw balansyny öwrenmek we çaklamak maksady bilen, deňiz derejesiniň üýtgemeginiň sebäplerini kesgitlemek üçin ylmy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek zerur diýip, Meredow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we edaralarynyň gatnaşmagynda, ekologiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge çagyrýar; Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, biologiki baýlyklaryny gorap saklamak we daşky gurşaw meselelerini çözmek boýunça halkara platforma hökmünde "Hazaryň daşky gurşaw başlangyjyny" döretmegi teklip edýär diýip, habarda aýdylýar.

Sowet döwründen bäri, suw serişdeleriniň bisarpa ulanylmagy we pagta senagatyndaky oýlanyşyksyz çemeleşmeler zerarly ýerleriň, howanyň zaýalanmagyna göz ýummakda tankytlanýan Türkmenistan adatça tebigy hadysalar we olaryň ýurtdaky durmuş-ýaşaýyş şertlerine ýetirýän täsirleri barada maglumat bermeýär.

Şu aralykda garaşsyz neşirde türkmen häkimiýetleriniň Garagum kanalyndan millionlarça kub metr suwuň boş meýdana akmagynyň öňüni aljak bolşuny görkezýän wideo peýda boldy.

Türkmen häkimiýetleri Garagum kanalynyň we beýleki suw howdanlarynyň düşen agyr ýagdaýyny hem, Azatlygyň habarçylarynyň we ýerli synçylaryň berýän anyk maglumatlaryna garamazdan, açyk boýun alman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG