Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Penşenbe 2 Maý 2024

Kalendar
Maý 2024
Duş Siş Çar Pen Ann Şen Ýek
29 30 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
Diňle: Türkmenistanyň daşyna çykmak isleýän raýatlara aeroportda päsgelçilik döredilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:05 0:00
Halkara aeroporty. Aşgabat
Halkara aeroporty. Aşgabat

Türkmenistanda daşary ýurtlara syýahat etmek üçin pasport edinmek, wiza eýe bolup, bilet satyn almak ýeterlik däl. Bu adaty syýahatçylyk taýýarlyklary ýolagçynyň Türkmenistanyň daşyna çykjagyny kepil geçmeýär. Ýurduň raýatlary iň soňky pursadynda uçara goýberilmän bilýär. Azatlygyň habarçylary şeýle ýagdaýlaryň soňky wagtda ýene-de esli köpelendigini habar berýärler.

Şu günki gün Türkmenistanyň daşyna çykmakda has köp kynçylyk çekýän türkmen raýatlarynyň arasynda pasportlarynyň möhleti dolup, daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanmaly bolan we indi täzeden gazanç üçin ýurduň daşyna çykmakçy bolanlar bar.

"Hökümetiň görkezmesi esasynda güýç gulluklarynyň işgärleri raýatlaryň ýurt daşyna çykmagyna rugsat bermeýärler. Serhet gullugynyň işgärleri raýatlar üçin dürli kynçylyklary döredip, olary uçara goýbermän, howa menzilinden yzyna gaýtarýarlar", diýip ýaňy-ýakynda ýurtdan gaýdyp bilmedik we gaýtmagy başaran türkmenistanlylar bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurtlara gitmek üçin ençeme ýyl bäri dürli kynçylyklara sezewar bolýarlar. Diňe ýurduň içinde berilýän biometriki pasporty almak üçin nobatlar tas iki ýyla uzady. Daşary ýurt wizasyny almak işi hem wagty, pul serişdelerini we býurokratiki kynçylyklaryny öz içine alýar.

Uçara goýberilmedikleriň planlary puja çykýar, köplenç soňky puluna eden çykdajylary olary agyr ýagdaýa salýar.

"Maddy çykdajylar we olaryň dokument toplamak üçin aýlap sarp eden wagty puç bolýar" diýip, anonim gürleşen türkmenistanly aýdýar.

Soňky aýlarda ýurtdan gaýtmagy başardan türkmenistanlylar aeroportda howpsuzlyk işgärleriniň zähmet migrantlary bilen gürrüňdeşlik geçirip, ýurtdaky problemalary hiç ýerde gürrüň bermezligi we ýurdy öwmegi talap edýändigini gürrüň berýärler.

"Daşary ýurtlara gazanç etmek üçin gidýän raýatlara, Milli howpsuzlyk ministrliginiň gullukçylary iki-çäk gürruňdeşlik geçirip, 'daşary ýurtlarda myhmandygyňy unutmaly däl, aýybyňy açanyň bilen hiç kime kömek etmejegiňi bilmeli, islendik adamyň soragyna ýurtda durmuşyň gowudygyny, daşary ýurda gezelenje gelendigini aýtmaly, hiç ýerde hem durmuş aňsat däl diýmeli' diýen mazmunly nesihat berýärler. Şeýle-de söhbetdeşlikde watanyny ýamanlaman, masgara etmän yzyna wagtynda dolanyp gelenlere täze pasportyň beriljegini we serhetden meselesiz geçirmegi wada berýärler" diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.

Aeroportda şeýle söhbetdeşlige çekilen raýatlaryň sözlerine görä, resmiler zähmet migrantlary gorkuzmak üçin olara wizasynyň we biometriki pasportynyň möhleti gutaransoň yzyna dolanmasalar olary zor bilen getirtmek üçin türkmen häkimiýetlerinde mümkinçiligiň bardygyny aýdýarlar.

"Olara yzyna hökman gaýtmaly boljagyny we türkmen raýatlaryny yzyna bermek barada daşary ýurtlaryň hökümetleri bilen şertnamalaryň bardygyny aýtdylar. Muňa mysal edip, Beýik Britaniýanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana eden ýakynky iş saparyny delil hökmünde getirdiler" diýip, söhbetdeşlige çekilen türkmenistanly gürrüň berdi.

Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasyna, okuwa we saglygyny bejertmek üçin iň köp barýan ýurtlarynyň arasynda Türkiýe, Orsýet, Hindistan, ýakyn goňşularyndan Özbegistan we Gazagystan bar.

Bu aralykda daşary ýurt wizasyny almak üçin ýüz tutýan raýatlardan edilýän talaplaryň sany artýar. Hususan-da, täze talap bilen Türkiýä wiza almak üçin wiza merkezine baranlar ýüzbe-ýüz bolupdyr.

"Aşgabatda wiza taýýarlaýan merkezinde AIW (Adamyň immunidefisit sindromy) keseli bilen kesellemänligi hakynda tassyknama talap etdiler. 'Täze düzgün girizildi. Tassyknama ýok, wiza-da ýok” diýip, elindäki toplap gelen resminamalaryna hem üns bermediler" diýip, habarçymyz türkmenistanlyny sitirleýär.

Onuň sözlerine görä, bu resminamalary raýatlar öz ýaşaýan ýerinde almaly.

“Men Aşgabatda analiz tabşyrylýan ýere bardym. Emma maňa 'öz welaýatyňda tabşyr. Wiza üçin tassyknamany diňe öz welaýatyňdan almaly' diýip kowdular. Janymy ýakdylar" diýip, türkmenistanly aýdýar.

Türkmenistanyň raýatlary ýurda baryp-gaýtmagyň kynlaşmagyndan we dürli goşmaça çykdajylaryň döremeginden nägile bolýarlar.

Türkmenistana baran syýahatçylar henize çenli aeroportda COVID-19 keseliniň ýokdugyny tassyklamak üçin test etdirmäge mejbur bolýarlar.

Resmi kurs boýunça 18 dollara barabar tölegli COVID-19 testiniň mejburlygy global pandemiýanyň tallamanmagyndan iki ýyldan soň bu keseliň öz giňişliginde bolandygyny hiç wagtda boýun almadyk ýurtda saklanýar.

Türkmenistandan gaýdýan ýolagçylary uçara goýbermezlik, şol sanda zähmet migrantlaryny we daşary ýurtlara okuwa barýan raýatlaryň daşary ýurtlara barýan uçarlardan düşürilmegine degişli ýagdaýlar öňden bäri ýüze çykýar. Migrasiýa işgärleri resmi düşündiriş bermeýärler. Emma migrasiýa gullugyndaky çeşmeler dürli wagtda girizilen gadagançylyklar barada habar beripdi. Şol sanda bir wagt ýaş zenanlara ýurtdan çykmak gadagan edilen bolsa, soňra 40 ýaşyna ýetmedik raýatlar köpçülikleýin uçardan düşürilipdi.

Şeýle gadagançylyklar girizilende hem-de ýatyrylanda görkezmeler dilden edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG