Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýüpek gurçugynyň ideg işlerine, gowaçanyň otag işlerine niýetläp, býujet işgärlerinden pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Mary welaýatynyň edara-kärhanalarynda ýüpek gurçugynyň ideg işlerine, hem-de gowaçanyň otag işlerine niýetläp, býujet işgärlerinden pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy aprelde sebitden maglumat berdi.

Ýüpek gurçugynyň ideg işleriniň çykdajylary, dilden görkezme esasynda, işgär başyna 100 manat, gowaçanyň otag işleri bolsa, 30 manat möçberinde kesgitlendi.

Pul serişdeleriniň özlerinden mejbury usul bilen ýygnalmagyna garşy çykýan býujet işgärleri soralýan pullary bermekden başga çykalgalarynyň ýokdugyny aýdýarlar.

“Eger-de, işgär soralýan pullary bermese, onuň üstünden hasabat ýazylýar. Pul serişdeleriniň ýygnalmagy bilen ylalaşmaýan işgärler döwlet syýasatyna garşy çykmakda aýyplanýar. Bu ýagdaý işgäriň dürli bahanalar bilen işden çykarylmagyna eltip bilýär” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Degişli temmi çäreleri we atylýan haýbatlar işgärleriň özlerinden edilýän esassyz talaplara mejbury ýagdaýda boýun bolmagyna alyp gelýär.

“Häzir onsuz hem iş tapmak kyn. Şol sebäpden, ähli işgärler häkimiýetleriň pul talaplaryna razy bolýarlar. Bir işgäriň üstünden ýazylýan raportlar ähli işgärleriň razy bolmagyna alyp gelýär” diýip, býujet işgärleri aýdýar.

Döwlet metbugatyna görä, Türkmenistanda şu ýyl pileçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek işlerine aprel aýynyň birinji hepdesinde badalga berildi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji aprelde welaýat häkimleri bilen sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda, sebit ýolbaşçylary Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda ýüpek gurçugyna ideg işleriniň alnyp barylýandygyny, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa, pileçiler bilen şertnamalaryň baglaşylýandygyny hasabat berdiler.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatynda hem ýüpek gurçugyny idetmek işleri üçin, býujet işgärlerinden 50-100 manat aralygynda mejbury pul ýygnalýandygyny habar berdiler.

Mary welaýatyndaky habarçylarymyz ideg işleriniň çykdajylarynyň pile möwsüminiň ahyrlaryna çenli işgär başyna 300 manada çenli baryp ýetýändigini habar berýärler.

Prezidentiň fewral aýynda gol çeken kararyna laýyklykda, şu ýyl Türkmenistan boýunça 2100 tonna pile hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmek meýilleşdirilýär.

Umumy önümiň tas bäşden bir bölegi Mary welaýatynda, ýarpysyndan gowragy Lebap welaýatynda öndüriler.

Bu aralykda, şu günler Türkmenistanda gowaçanyň ekiş işleri hem dowam edýär.

Sebit ýolbaşçylary bilen 29-njy aprelde geçirilen iň soňky sanly iş maslahatynda aýdylmagyna görä, şu günler ýurduň Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gowaçanyň ekiş işleri dowam edýär, Balkan welaýatynda bolsa, ekiş işleri tamamlanyp, gögeriş suwuny tutmak we beýleki ideg işleri, şol sanda hatarara bejergi işleri dowam edýär.

Mary welaýatynyň ekişi tamamlanan gowaça meýdanlarynda ideg işlerine, şol sanda otag işlerine badalga berildi. Ýöne bu işleriň belli bir agramy sebitde ýerleşýän döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň üstüne ýüklenýär.

“Şu hepdäniň birinji güni (29-njy aprelde) işgärlere gowaçanyň otag işleriniň başlanandygy habar berildi. Her bir işgär otag üçin öz ornuna hakyna tutulýan işçilere 30 manat töleg tölemeli. Her bir edara-kärhana her gün 15 adamy gowaça meýdanlaryna ugratmaga borçly edilýär” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Býujet işgärleri ýygnalýan pullaryň belli bir böleginiň edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň şahsy çykdajylaryna sarp edilýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Marynyň welaýat häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG