Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki ukrain ofiserini öldürmek synanyşygynda aýyplanýan Bişkekde tutuldy


Manas uçar menzili
Manas uçar menzili

Moskwanyň Zamoskworetskiý kazyýeti 18-nji aprelde Wladimir Golowçenkony tussag astyna aldy, ol Moskwada Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň öňki ofiseri Wasiliý Prozorowyň awtoulagyny partlatmaga gatnaşmakda aýyplanýar.

Russiýanyň TASS döwlet habar gullugynyň we garaşsyz “The Insider” neşiriniň çeşmeleriniň maglumatyna görä, Golowçenko Gyrgyzystanyň çäginde tussag edilip, Russiýa getirilipdir.

TASS habar gullugynyň hukuk goraýjy edaralardaky çeşmesi Golowçenkonyň garyndaşlarynyň Gyrgyzystanda ýaşaýandygyny, onuň özüniň hem gyrgyz raýatlygynyň bardygyny aýdýar. Şeýle-de, çeşme onuň bu ýurtda "derňewden gizlenmäge synanyşandygyny" öňe sürýär.

Agentligiň söhbetdeşiniň sözlerine görä, "Gyrgyzystanyň we Russiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň özara hyzmatdaşlygy netijesinde, ony tussag etmek başartdy”. Ýöne habarda bu işiň jikme-jiklikleri aýdylmaýar. Şeýle-de, TASS tussag edilen adamyň Ukrainada kanun esasynda ýaşamak üçin zerur bolan ygtyýarnamasynyň bardygyny belleýär.

"The Insider", Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetindäki çeşmä salgylanyp, Golowçenkonyň tussag edilmegi barada jikme-jik habar berýär. Ol 13-nji aprelde, Prozorowyň awtoulagynyň Moskwada partladylan gününiň ertesi tutulýar.

Neşir Golowçenkonyň Bişkekde, “köçä tutulandygyny, ulaga mündürilendigini we howa menziline alnyp gidilendigini” aýdýar.

XS
SM
MD
LG